DÇ-2022: Angliýa Senegala jogapsyz üç gol urup, çärýek finala ýollanma aldy

10:1905.12.2022
0
18184
DÇ-2022: Angliýa Senegala jogapsyz üç gol urup, çärýek finala ýollanma aldy
Surat: sport.24tv.ua

Angliýanyň milli ýygyndysy DÇ-2022-niň 1/8 finalynda Senegaldan üstün çykyp, çärýek finala ýollanma aldy. «Al-Baýt» stadionynda geçirilen oýun 3:0 hasabynda iňlisleriň ýeňşi bilen tamamlandy. Angliýanyň düzüminde Henderson (38), Keýn (45+3) we Saka gol geçirdi.

Ýeri gelende bellesek, Angliýa Senegal bilen oýunda DÇ-2022-däki gollaryny 12-ä ýetirdi. Bu Angliýanyň ýygyndysynyň mundiallarda gol urmak boýunça rekordynyň gaýtalanmagydyr. Iňlisler mundan ozal 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda şonça gol urmagy başarypdylar.

Angliýa 1/4 finalda Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Ozal habar berşimiz ýaly, Fransiýa 1/8 finalda Polşany 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.

Şeýlelikde, DÇ-2022-niň çärýek final tapgyrynyň iki jübütligi belli boldy. Has takygy, 9-njy dekabrda Niderlandlar Argentina bilen, 10-njy dekabrda bolsa Angliýa Fransiýa bilen ýarym finala çykmak üçin göreş alyp barar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň