Aýazbabanyň çyndanam bardygyny görkezýän 5 sany subutnama

13:0503.12.2022
0
48256

Aslynda, Aýazbaba barmyka? Elbetde, bu sowala oýlanmazdan «Hawa» diýip jogap berip bileris. Aýazbaba ýokdur diýýän, onuň hakykatdanam bardygyna ynanmaýanlar üçin gyş paslynyň jadygöýüniň erteki däldigini tassyklaýan käbir subutnamalary ýetirýäris.

1-nji subutnama. 2018-nji ýylda Welikoustýugskiý etrabynyň häkimi Aleksandr Aýazbaba Russiýa Federasiýasynyň raýatlygynyň pasportuny gowşurdy. Şeýle resmi we möhüm resminamanyň islendik bir adama berlip bilinjekdigi şübheli ýagdaýdyr. Aýazbaba Welikoustýugskiý etrabynyň Morozowisa obasynda dünýä indi hem-de şöhratly hemişelik ýaşaýan ýerinde hasaba alyndy.

Surat: wikidedmoroz.ru

2-nji subutnama. Beýik Ustýugdaky muzeýde Russiýanyň Gahrymany uçarman-kosmonawt Oleg Artemýewiň haty saklanylýar. Hatyň daşynda onuň orbitanyň daşyndan Ýere ýazylandygyny tassyklaýan ştamp hem bar. Kosmonawtlar — her bir zada çynlakaý çemeleşýän, ygtybarly adamlar, olaryň hakykatda bolmadyk jadygöýe hat ýazjak gümany ýok.

Surat: wikidedmoroz.ru

3-nji subutnama. Her ýylda Aýazbabanyň poçtasyna Beýik Ustýuga 200 müň hat gelip gowuşýar diýip, ao-dedmoroz.ru saýty habar berýär. Geňirgendirýän ýeri, bu hatlaryň 30%-iniň uly adamlar tarapyndan iberilýändigidir. Netijede, hatda uly adamlar Aýazbaba diýip hat ýollaýan bolsalar, onda Aýazbabanyň bardygy bolmaýarmy eýsem?!

Surat: wikidedmoroz.ru

4-nji subutnama. 2008-nji ýylda Aýazbabanyňkyda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin myhmançylykda bolupdyr. Prezident üçin wagt iň möhüm zatlaryň biri, şonuň üçin ol gymmatly wagtyny oýlanyp tapylan personaž üçin sarp etmezdi diýen netije gelip çykýar.

Surat: wikidedmoroz.ru

5-nji subutnama. 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň banky Aýazbabanyň şekili ýerleşdirilen teňňeleri zikgeledi. Adatça, teňňelerde hem beýik şahsyýetleriň, keşişleriň hem-de prezidentleriň şekilleri ýerleşdirilýär. Ine, şunuň ýaly ýokary derejeli baha Aýazbaba hem mynasyp görüldi.

Surat: wikidedmoroz.ru

Bu subutnamalaryň ählisi Aýazbabanyň WikiDedmoroz.ru elektron ensiklopediýasy esasynda toplanyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň