Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Tunis Fransiýany ýeňdi, emma 1/8 finala çykyp bilmedi

22:3630.11.2022
0
25392

Fransiýanyň milli ýygyndysy DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Tunisden 1:0 hasabynda utuldy. Emma bu ýeňlişe garamazdan, fransuzlar toparçada birinji ýeri eýeläp, indiki tapgyra ýollanma aldylar.

Duşuşykda Tunise ýeňiş getiren goly 58-nji minutda Wahbi Hazri derwezä ýollady. Emin tarapyndan ikinji ýaryma goşulyp berlen minutlarda (90+8) fransiýaly hüjümçi Antuan Grizman hasaby deňledi, emma VAR-da geçirilen seljermeden soňra gol hasaba alynmady. Şeýlelikde, oýun 1:0 hasabynda Tunisiň peýdasyna tamamlandy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Fransiýa bassyr iki oýunda ýeňiş gazanyp, pleý-off meselesini wagtyndan öň birýüzli edipdi. Şol sebäpli-de bu günki duşuşykda Didýe Deşam ikinji düzümiň oýunçylaryny synagdan geçirdi.

Fransiýanyň milli ýygyndysy üç oýunda toplanan 6 utuk bilen, «D» toparçasynyň lideri hökmünde indiki tapgyra çykdy. Tunisiň ýygyndysy bolsa 4 utuk bilen üçünji basgançakda ýer aldy. Bu kwartetde ikinji orun we pleý-off tapgyrynyň ikinji ýollanmasy şu gün Daniýadan 1:0 hasabynda üstün çykyp, utuklarynyň sanyny 6-a ýetiren Awstraliýa nesip etdi. Daniýa bolsa 1 utuk bilen toparçada iň soňky orna ýerleşdi.

Fransiýanyň milli ýygyndysy indiki tapgyrda «C» toparçasynda ikinji orny eýelän topar bilen duşuşar. Awstraliýa bolsa «C» kwartetiniň liderine garşy meýdança çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň