Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar halkara alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

20:0829.11.2022
0
32995

Türkmenistanly talyplar «Global UGRAD» talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Häzirki wagtda bu maksatnamanyň çäklerinde 2023-2024-nji ýyllar üçin dalaşgärleri seçip almak dowam edýär. Dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmegiň iň ahyrky möhleti 15-nji dekabr senesidir.

«Global UGRAD» — Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň maksatnamasydyr. Bu maksatnama daşary ýurtly talyplara ýarym okuw ýylynyň dowamynda ABŞ-nyň uniwersitetlerinde okamaga mümkinçilik berýär.

Maksatnama barada has giňişleýin maglumaty ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň