Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Marokko garaşylmadyk ýagdaýda Belgiýany ýeňlişe sezewar etdi

19:5827.11.2022
0
19184
DÇ-2022: Marokko garaşylmadyk ýagdaýda Belgiýany ýeňlişe sezewar etdi

Şu gün Marokkonyň milli ýygyndysy Dohadaky «El-Tumam» stadionynda geçirilen DÇ-2022-niň ikinji tapgyryndan orun alan duşuşykda garaşylmadyk ýagdaýda Belgiýany 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Marokkonyň düzüminde ýeňiş getiren gollara Abdulhamid Sabiri (73) bilen Zakariýa Abuhlýal awtorlyk etdiler. Şeýle-de birinji ýarymyň ahyrynda Hakim Ziýeş tarapyndan urlan goluň ofsaýs sebäpli hasaba alynmandygyny bellemek gerek.

Şeýlelikde, Marokko bu ýylky mundialda ilkinji ýeňşini gazanyp, toparçada birinji orna geçdi. Häzirki wagtda Marokkoda 4, Belgiýada 3, Horwatiýada 1 bar. Kanada bolsa heniz utuk gazanyp bilmedi.
Indiki tapgyrda Belgiýa Horwatiýa bilen garşylaşsa, Marokko Kanada bilen güýç synanyşar. Oýunlaryň ikisi hem 1-nji dekabrda bolup geçer.

DÇ-2022-niň şu günki oýunlaryny sagat 23:45-de başlanjak Ispaniýa — Germaniýa gapma-garşylygy jemlär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň