Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Fransiýa pleý-off meselesini birýüzli eden birinji topar boldy

23:5326.11.2022
0
17735

Fransiýanyň ýygyndysy şu gün Dohadaky «974 Stedium» stadionynda geçirilen oýunda Daniýany 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 1/8 final tapgyryna çykmak meselesini wagtyndan öň birýüzli etdi.

Oýnuň 61-nji minutynda Kliýan Mbappe fransuzlary hasapda öňe çykardy. Aradan 7 minut geçensoň, daniýaly goragçy Andreas Kristensen hasaby deňlemegi başardy. Ikinji ýarymyň ahyrky minutlarynda Kliýan Mbappe ýene-de uly sahna çykyp, toparyna ýeňiş getiren topy derwezä ýollady.

Şeýlelikde, Didýe Deşamdan tälim alýan topar dünýä çempionlarynyň üç mundialdan bäri dowam edip gelýän şowsuz seriýasyna nokat goýdy. Ýagny mundan ozalky üç dünýä çempionatynda hem öňki mundialda çempion bolan toparlar toparçada ýaryşy bes edipdiler. Has takygy, Italiýa (DÇ-2006-da çempion bolup, DÇ-2010-da toparçadan çykyp bilmändi), Ispaniýa (DÇ-2010-da çempion bolup, DÇ-2014-de toparçadan çykyp bilmändi) we Germaniýa (DÇ-2014-de çempion bolup, DÇ-2018-de toparçadan çykyp bilmändi) şeýle şowsuzlyga sezewar bolupdy.

Ikinji tapgyryň netijelerine görä, Fransiýa «D» toparçada 6 utuk bilen liderlik edýär. Awstraliýa 3 utuk bilen ikinji ýerde barýan bolsa, 1 utukdan toplan Daniýa bilen Tunis 3-4-nji orunlary bölüşip durlar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň