Arhiw

DÇ-2022: Eýran emin tarapyndan goşulan wagtda 2 gol urup, Uelsi ýeňdi

17:0825.11.2022
0
36926
DÇ-2022: Eýran emin tarapyndan goşulan wagtda 2 gol urup, Uelsi ýeňdi
Surat: Al Jazeera

Biraz ozal DÇ-2022-niň ikinji tapgyrynyň deslapky oýny — Uels — Eýran gapma-garşylygy tamamlandy. Dartgynly geçen duşuşyk Aziýanyň wekiliniň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen gutardy. Tomaşaçylar oýnuň esasy wakalaryna ahyrky minutlarda şaýat boldular. 88-nji minutda Uelsiň derwezeçisi Ueýn Hennessi emin tarapyndan gyzyl kart bilen jezalandyryldy. Şondan soň garşydaşyň azlykda galmagyndan ruhlanan Eýran hüjüme bat berdi. Yzly-yzyna guralýan hüjümler emin tarapyndan goşulan minutlarda öz miwesini berdi. 90+8-nji minutda Çeşmi hasaby açan bolsa, 90+11-de Rizaýan oýna soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, Eýran 3 utuk bilen «B» toparçada ikinji orna göterildi. Toparçadaky ikinji oýun şu gün 23:55-de Angliýa bilen ABŞ-nyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.

Üçünji tapgyrda Eýran ABŞ-nyň ýygyndysy bilen, Uels bolsa Angliýa bilen oýnar. «B» toparçada üçünji tapgyryň duşuşyklary 29-njy noýabrda 23:55-de başlanar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň