DÇ-2022: Birinji tapgyr Braziliýanyň ýeňşi bilen jemlendi

10:1125.11.2022
0
23565

Braziliýa — Serbiýa gapma-garşylygy bilen DÇ-2022-niň birinji tapgyrynyň oýunlary jemlendi. Birinji tapgyryň jemleýji duşuşygy Braziliýanyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Brazillere ýeňiş getiren gollary 62-nji we 73-nji minutlarda Rişarlison derwezä ýollady. Şeýlelikde, Braziliýa 3 utuk bilen «G» toparçasynda birinji orna geçdi. Ikinji ýerde Kameruny 1:0 hasabynda ýeňe Şweýsariýanyň ýygyndysy bar. Heniz hasabynda hiç hili utuk bolmadyk Kamerun we Koreýa Respublikasy degişlilikde üçünji we dördünji ýerlere ornaşdylar.

«G» toparçasynda ikinji tapgyryň oýunlary 28-nji noýabrda geçiriler. Şol gün Kamerun Serbiýa bilen, Braziliýa bolsa Şweýsariýa bilen güýç synanyşar.

Bu gün DÇ-2022-de ikinji tapgyryň oýunlary badalga alar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Düýnki oýunlaryň netijeleri:

  • «G» toparça. Şweýsariýa — Kamerun 1:0
  • «H» toparça. Urugwaý —Koreýa Respublikasy 0:0
  • «H» toparça. Portugaliýa — Gana 3:2
  • «G» toparça. Braziliýa — Serbiýa 2:0

Bu günki boljak oýunlar:

  • «B» toparça. Uels — Eýran — 15:00
  • «A» toparça. Katar —Senegal — 18:00
  • «A» toparça. Niderlandlar — Ekwador — 21:00
  • «B» toparça. Angliýa — ABŞ — 00:00
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň