Soňky habarlar

Arhiw

«Peragat» HJ «Nesil» haryt nyşanly konserwirlenen gök önümleri we miweleri öndürýär

14:5923.11.2022
0
18295
«Peragat» HJ «Nesil» haryt nyşanly konserwirlenen gök önümleri we miweleri öndürýär

«Peragat» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna «Nesil» haryt nyşanly konserwirlenen gök önümleriň we miweleriň köp dürli görnüşlerini hödürleýär.

Kärhana 2018-nji ýyldan bäri marinadlanan hyýar, burç we pomidorlar, ýaga basylan gyzyl burç, assorti, badamly işbil, şugundyr-kelem, ajika, gündogar däpleri esasynda açyk otda taýýarlanan «dymok» ýaly konserwirlenen önümleriň dürli görnüşlerini, şeýle-de böwürslenden, ýertudanadan, erikden, şetdalydan, üljeden birnäçe görnüşli mürepbeleri öndürip gelýär.

Şu ýylda «Peragat» hojalyk jemgyýeti önümçiliginiň täze haryt görnüşleriniň üstüni alça, beýi, şetdaly, şipownik, böwürslen, ülje, kizil, ýertudana, feýhoa we erik ýaly miwelerden taýýarlanan içgileri bilen ýetirdi. «Nesil» haryt nyşanly önümleriniň önümçiliginde «Peragat» HJ emeli goşundylary, reňk berijileri ýa-da ys berijileri ulanmaýar hem-de çig mal hökmünde diňe türkmen öndürijileriniň gök önümlerini we miwelerini peýdalanýar. «Nesil» haryt nyşanly duzlanyp ýapylan gök önümleri we kompotlary Türkmenistanyň ähli ýerlerinden tapmak bolýar.

Kärhana bir ýylyň dowamynda 1million sany konserwirlenen gaply önümi öndürmäge mümkinçilik berýän zerur enjamlar bilen üpjün edilendir. Häzirki wagtda «Peragat» hojalyk jemgyýeti önümçiliginiň görnüşlerini has-da giňeltmek bilen, konserwirlenen gök önümlerini we miwelerini Russiýa, Belarus, Gazagystan hem-de Özbegistan ýaly daşary ýurtlara eksport edip dünýä bazaryna çykmagy meýilleşdirýär.

«Peragat» HJ-niň önümçiligi bilen has giňişleýin tanyşmak üçin kärhananyň hünärmenleri bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 64) 88 88 02 we (+993 12) 36 19 03. Elektron poçta salgysy: info@eco-gap.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň