Medeniýet ministri Zulfiýa Dawlatzodanyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary Täjigistanyň Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
Meşhur horeografiki toparlar, sazandalar, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler iň gowy çykyşlaryny Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna, şeýle hem döredijilik forumynyň soňky gala konsertiniň geçiriljek ýerinde — Mary şäheriniň ýaşaýjylaryna hödürlärler.
Döredijilik forumyna gatnaşyjylaryň biri hem Täjigistanyň «Lola» tans ansambly bolup, meşhur topar Aşgabatda birinji gezek myhmançylykda däldir.
Surat: sputniknews.ru
Topar öz taryhyny 1965-nji ýyldan alyp gaýdýar we esaslandyryjy hem-de çeper ýolbaşçysy Gafar Walamatzadeniň adyny göterýär.
Häzirki wagtda ansamblyň täjik horeografiýasynyň gadymy däplerine esaslanýan ajaýyp teoretiki esasy bar. Toparda 50 tansçy we 20 sazanda bolup, ansamblyň artistleri ajaýyp milli eşikler bilen çykyş edýärler, şeýle hem joşgunly ritmler we täjik tansynyň üýtgeşik hereketleri bilen tomaşaçylary özüne çekýärler.
Täjigistanda we ýurduň daşynda meşhur bolan toparlaryň ýene biri-de Täjigistan döwlet filarmoniýasynyň A.Juraýew adyndaky «Parastu» tans ansamblydyr. 2005-nji ýylda döredilen horeografiki topar abraýly ýaryşlarda we festiwallarda çykyş edip gelýär.
Solistler öz çykyşlarynda halk däplerine wepalylyklaryny saklaýarlar.
Halk artistleri Soibnazar Alowatow, Amirjon Ruziýew, Nosir Safarow we beýleki zehinli aýdymçylar dünýä hazynasyndan hem-de täjik aýdym-saz nusgalaryndan ýerine ýetirerler.
Häzirki zaman aýdymlaryny pop aýdymçylary, halkara ýaryşlarynyň laureatlary, şol sanda «Täjigistanyň jadyly sesi» Çorşanbe Alowatow ýerine ýetirer.
Ýaş täjik aýdymçysy Merkezi Aziýanyň «Central Asia's Got Talent» bäsleşiginiň ilkinji ýeňijisi boldy, şeýle hem ol birnäçe abraýly baýraklaryň eýesidir.
Umumylykda, täjik sungat işgärleri öz halkynyň baý medeniýetini, ruhy mirasyny, sungatyny we özboluşly däplerini görkezerler.
Ilkinji konsert şu gün agşam Türkmenistanda Täjigistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar.