Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kubogy ― 2022: «Şagadam» deňme-deň oýun bilen finala çykdy

20:0322.11.2022
0
13241
Türkmenistanyň kubogy ― 2022: «Şagadam» deňme-deň oýun bilen finala çykdy

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň birinji finalçysy belli boldy. Bu abraýa bassyr ikinji ýyl Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” topary mynasyp boldy.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Şagadam” “Aşgabat” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşyk 2:2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bu toparlaryň arasynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji duşuşykda “Şagadam” topary 3:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başarypdy. Ýeri gelende bellesek, “Şagadam” topary geçen ýyl ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşikde ýeňiji bolupdy. Türkmenbaşy şäheriniň topary final duşuşygynda “Ahaly” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.

Kubok bäsleşiginiň ikinji ýarymfinal duşuşygy 23-nji noýabrda geçirilip, onda “Ahal” bilen “Altyn Asyr” toparlary duşuşarlar. 15:00-da başlanjak bu duşuşyk paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda geçiriler.

Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň ýarymfinalynyň jogap duşuşygy:

“Aşgabat” – “Şagadam” – 2:2

Gollar: 45+1 Merdan Muhadow (11 m.j.u.), 64 Pirmyrat Sultanow (“Aşgabat”) – 68 Roman Galkin, 79 Kerim Hojaberdiýew (“Şagadam”)

Bellik: 90+3-nji minutda Ýunus Orazmämmedow (“Şagadam”) 11 metrlik urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Duýduryşlar: 26 Döwran Berdiýew, 33 Azym Amantaganow, 40 Agajan Altyýew, 61 Şatlyk Gurbanow, 83 Baýjan Satlykow (“Aşgabat”) – 45+1 Merdan Paltaýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň