Soňky habarlar

Arhiw

«ImdatBot» aşgabatly mekdep okuwçylary robototehnika we programmirleme okuwlaryna çagyrýar

10:0222.11.2022
0
15271

«ImdatBot» çagalaryň robototehnika bilim merkezi 8 ýaşdan 12 ýaşa çenli aralykdaky çagalar üçin programmirlemäniň esaslary hem-de robototehnika boýunça okuwlaryna ýazylyşygyň başlandygyny mälim edýär.

«Codey Rocky I» (8-9 ýaş aralygy) okuwlarynda ýaş öwrenijiler «Scratch» dilindäki programmirleme bilen tanyşýarlar we «Codey Rocky» robotyny ýönekeý işleri ýerine ýetirmek üçin nädip programmirlemelidigini özleşdirýärler.

Netijede, alnan bilimler çagalarda algoritmiki pikirlenmegi, awtomatlaşdyryşyň ýörelgelerine düşünmegi ösdürmäge mümkinçilik berer we öz şahsy oýunlaryny işläp taýýarlamak çemeleşmelerini ösdürmäge kömek eder.

10-12 ýaşly çagalar «mBot I» okuwlaryna çagyrylýar. Bu ýerde «mBot» robotyny ýygnamak we programmalaşdyrmak maksady bilen «Scratch» dilinde programmirlemek bilen tanyşdyrylýar. Bu okuwy geçmek bilen, öwrenijiler robotyň gurluşyna, ony ýygnamagyň ýörelgelerine düşünerler, yzygiderliligi, wakalary, siklleri we şertleri öz içine alýan programmalary döretmegi, şeýle hem şol bir mesele üçin birnäçe algoritmleri deňeşdirmegi, belli bir mesele üçin iň laýyk algoritmi kesgitlemegi öwrenerler.

«ImdatBot» bilim merkezinde sapaklar tejribeli mugallymlar geçýärler, bu sapaklaryň geçilýän synp otaglary hem zerur enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu ýerde her bir öwreniji çaga özbaşdak kompýuter, robot hem-de beýleki gerekli enjamlar bilen üpjün edilýär.

Okuwlar 28-nji noýabrda başlanýar. Öwrenmäge iň oňaýly wagty saýlap almak maksady bilen, okuw merkezinde sapaklar irden hem-de günüň ikinji ýarymynda geçilýär. Sapaklaryň dowamlylygy 1,5 sagat bolup, hepdede üç günläp dowam edýär. Geçilen okuwlaryň synaglaryny üstünlikli tabşyran çagalara bolsa döwlet derejesindäki şahadatnamalar gowşurylýar.

Bir okuwyň bahasy — 2000 manatdyr. Okuwlardan 200 manat arzan bahadan peýdalanmak üçin bolsa ýazylyşyk mahalynda diňe «Turkmenportal 200» diýmek ýeterlikdir.
Salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly (ozalky Çehow), 107-nji jaý, «Merdana» binasy. Telefon belgileri: (+993 12) 41 42 52, (+993 62) 90 00 69.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň