Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Beýl Uelsi ýeňlişden halas etdi

09:5522.11.2022
0
14344

DÇ-2022-niň ikinji gününiň duşuşyklaryny ABŞ — Uels oýny jemläp berdi. Günüň iň soňky gapma-garşylygy amerikaly futbolçylaryň üstünliginde geçen hem bolsa, iki ýurduň arasyndaky ilkinji resmi oýun 1:1 hasabynda deňlikde gutardy. ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň goluny 36-njy minutda Timoti Wea derwezä ýollady. Uelsliler bu gola Garet Beýliň 82-nji minutynda penaltiden ýollan dürs urgusy bilen jogap gaýtardylar. Ýeri gelende bellesek, bu gol Uelsiň milli ýygyndysynyň XXI asyrda mundiallarda uran ilkinji goly boldy. Sebäbi bu ýurduň milli ýygyndysy soňky gezek 64 ýyl ozal, 1958-nji ýylky dünýä çempionatynda gatnaşypdylar.

Şeýlelikde, 1:1 hasabyndaky deňlikden soňra ABŞ-nyň we Uelsiň milli ýygyndylary 1 utuk bilen «B» toparçada 2-3-nji ýeri paýlaşyp durlar. Toparçada birinji ýer birinji tapgyrda 3 utuk gazanan Angliýanyň milli ýygyndysyna degişli. Soňky ýerde bolsa heniz utuk toplamadyk Eýranyň milli ýygyndysy barýar.

Bu gün DÇ-2022-niň ýene dört duşuşygy geçiriler:

  • «C» toparça: Argentina — Saud Arabystany (15:00);
  • «D» toparça: Daniýa — Tunis (18:00);
  • «C» toparça: Meksika — Polşa (21:00);
  • «D» toparça: Fransiýa — Awstraliýa (23:59).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň