Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen konsuly Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

12:4018.11.2022
0
31757
Türkmen konsuly Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan) konsuly N.Gölliýew Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (ASMU) rektory O.Başkina bilen duşuşdy. Taraplar lukmançylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da uniwersitetde talyplary, şol sanda türkmen oglan-gyzlary taýýarlamagyň derejesi dogrusynda pikir alyşdylar.

Bu günki gün uniwersitetde türkmenistanly 180 talyp dürli hünärler we okuw ugurlary boýunça bilim alýar hem-de aspiranturada okaýar. Ýatlap geçsek, 2019-njy ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekilipdi.

— Biziň hyzmatdaşlygymyz ylmy-amaly maslahatlar, bilelikdäki ylmy gözlegler, akademiki alyş-çalyş, bilelikdäki lukmançylyk Olimpiadalaryny geçirmek ýaly köp sanly ugurlar boýunça alnyp barylýar — diýip, Başkina belledi. Öz gezeginde, türkmen konsuly uniwersitetiň ylmy, sport we medeni durmuşyna talyplaryň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet bermegiň bilim işiniň aýrylmaz bölegidigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almagy bilen baglanyşykly birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdylar we konsulyň uniwersitetdäki talyplar bilen ýakyn wagtda geçirjek duşuşygy barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň