Katardaky dünýä çempionatyna gatnaşjak iň gymmat düzüm Angliýanyň ýygyndysynyňky

14:2617.11.2022
0
24029

Halkara sporty öwreniş merkezi özüniň resmi saýtynda Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak iň gymmat düzüme eýe ýygyndylaryň sanawyny yglan etdi.

Geçirilen seljermede gatnaşyjy 32 ýygyndynyň agzalaryndan 831 oýunçynyň häzirki transfer bahalary hasaba alyndy.

Netijede iňlisler (1 milliard 499 million ýewro) DÇ-2022-däki iň gymmat ýygyndy hökmünde ykrar edildiler. Braziliýanyň ýygynydysy (1 milliard 455 million ýewro) bu ugurda ikinji orna, Fransiýanyň ýygyndysy (1 milliard 337 million ýewro) bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýaryşa gatnaşjak iň arzan düzüm Kosta-Rikanyň ýygyndysynyňky (23 million ýewro) boldy.

DÇ-2022-ä gatnaşjak iň gymmat oýunçylar Dortmundyň «Borussiýasynyň» iňlis ýarymgoragçysy Jud Bellingem (202 million ýewro) we «Realyň» braziliýaly wingeri Winisius Žunior (201 million ýewro) ykrar edildiler. Iň arzan oýunçylar hökmünde bolsa «PSŽ» klubynyň kosta-rikaly derwezeçisi Keýlor Nawas hem-de «Al-Duhaýlyň» oýunçysy Almoez Ali bellenip geçildi.

DÇ-2022-ä gatnaşjak iň gymmat düzüme eýe 10 ýygyndynyň sanawy aşakdaky görnüşe eýe:

  • 1. Angliýa – 1 milliard 499 million ýewro;
  • 2. Braziliýa – 1 milliard 455 million ýewro;
  • 3. Fransiýa – 1 milliard 337 million ýewro;
  • 4. Ispaniýa – 1 milliard 201 million ýewro;
  • 5. Portugaliýa – 1 milliard 154 million ýewro;
  • 6. Germaniýa – 1 milliard 20 million ýewro;
  • 7. Niderlandlar – 756 million ýewro;
  • 8. Argentina – 748 million ýewro;
  • 9. Urugwaý – 590 million ýewro;
  • 10. Belgiýa – 562 million ýewro.

Ýeri gelende ýatlatsak, DÇ-2022 öňümizdäki ýekşenbede badalga alar. Duşuşuklaryň tertibi we göni ýaýlymlar baradaky maglumat bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň