Soňky habarlar

Arhiw

«Mançester Siti» iň gymmat başlangyç düzüme eýe topar eken

14:0602.11.2022
0
16349

«Mançester Sitiniň» başlangyç düzümi Ýewropanyň öňdebaryjy 5 ligasyndaky iň gymmat düzüm hökmünde ykrar edildi.

Bu CIES Football Observatory neşiri tarapyndan geçirilen barlagdan soň kesgitlenildi. «Şäherlileriň» ýerli çempionatda başlangyç düzümde meýdana goýberýän futbolçylarynyň ortaça bahasy 605 million ýewro ýetýär. «Siti» öz taryhyndaky iň gymmat düzümi «Braýton» bilen bolan duşuşykda (3:1) meýdana çykardy. Bu duşuşykda «Mançester Sitiniň» başlangyç düzümdäki oýunçylarynyň umumy transfer bahasy 726 million ýewro ýetdi.

26-njy oktýabra çenli geçirilen duşuşyklara görä, Ýewropada iň gymmat başlangyç düzümi meýdana goýberen 10 klub aşakdaky ýaly:

1. «Mançester Siti» – 605 млн ýewro;

2. PSŽ – 510;

3. «Mançester Ýunaýted» – 480;

4. «Liwerpul» – 409;

5. «Çelsi» – 393;

6. «Arsenal» – 382;

7. «Real» – 370;

8. «Barselona» – 334;

9. «Ýuwentus» – 300;

10. «Bawariýa» – 294.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň