«Pahtakor» futbol boýunça Özbegistanyň çempiony boldy

20:1814.11.2022
0
11926

Daşkendiň «Pahtakory» futbol boýunça Özbegistanyň çempiony boldy.

Jemleýji ― 26-njy tapgyrda «Bunýodkor» bilen oýnan «Pahtakow» 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykdaky gollary Dragan Çeran bilen Azizbek Turgunbaýew geçirdi.

Şeýlelikde, topar 44 ýaşly baş tälimçi Maksim Şaskihiň ýolbaşçylygynda çempionlyga ýetdi. Şaskih tälimçilik karýerasynda ilkinji gezek çempion bolup gördi.

Çempionatda ikinji orny «Nawbahor», üçüni orny bolsa «Nasaf» eýeledi. Dragan Çeran 20 gol bilen möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy.

«Pahtakor» geljek möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşar. Toparyň taryhynda 16-njy gezek Özbegistanyň çempiony bolandygyny habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň