Soňky habarlar

Arhiw

«Detoxboxtm-iň» işewürlik günortanlygy wagty tygşytlar we talabalaýyk sazlaşykly iýmit düzgünini üpjün eder

09:4403.11.2022
0
15459
«Detoxboxtm-iň» işewürlik günortanlygy wagty tygşytlar we talabalaýyk sazlaşykly iýmit düzgünini üpjün eder

«Detoxboxtm» kompaniýasy işli adamlar üçin täze taýýarlanan, hususan-da, tagamly we peýdaly günortanlyk naharlaryny gündelik eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.

Işewürlik günortanlygy (biznes-lanç) birnäçe tagamlardan ybaratdyr (adatça, çorba, garnirli gyzgyn nahar, işdäaçar we içgi). «Detoxboxtm» kompaniýasynyň işewürlik günortanlygyň taýýarlanylyşy we eltip bermek hyzmatlary ähli arassaçylyk kadalaryna laýyk gelýär we işli adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirýär.

Sagdyn iýmitlenmek nukdaýnazaryndan seretsek, günortanlyk – iýmiti kabul etmegiň gözden salyp bolmajak möhüm wagtydyr. Üç-dört tagamdan ybarat taýyn sazlaşykly naharlar güýjüňi toplamaga we iş gününi dowam etmäge ýardam ederler.

Guramalar we köpçülikleýin müşderiler üçin ýörite teklipler işlenilip düzülendir.

Işewürlik günortanlygyny eltip bermek hyzmaty sagat 12:00-dan 15:00-a çenli amala aşyrylýar.

Sargytlar eltip beriljek güni sagat 9:00-dan 13:00-a çenli (+993 65) 85 64 76 telefon belgisi boýunça kabul edilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň