Top.Mail.Ru

Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Walentina Matwiýenko Bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek başlangyjyna seretdiler

22:5201.11.2022
0
55993
Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Walentina Matwiýenko Bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek başlangyjyna seretdiler
Surat: council.gov.ru

Habar berşimiz ýaly, şu gün Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlandy. Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Walentina Matwiýenko bilen duşuşygynda türkmen paýtagtynda Bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek başlangyjyna hem seredilip geçildi diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň resmi web sahypasynda bellenilýär.

Duşuşygyň barşynda Walentina Matwiýenko ylmy we tehniki hyzmatdaşlygy höweslendirmek, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek, ylmy önümleriň önümçiligine gönükdirilen ýokary derejeli önümçilik we kärhanalary ösdürmek boýunça tagallalary güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus diline we rus medeniýetine berýän ýokary ünsi barada belläp, Aşgabatda rus-türkmen uniwersitetini döretmek başlangyjyny ýatlatdy diýlip, habarda aýdylýar.

Ýadymyzda bolsa, şu ýylyň iýun aýynda Moskwada geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek barada ylalaşypdylar.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 30 müňden gowragy okaýar. Şolaryň 4 müň 300-den gowragy bolsa býujetiň maliýeleşdirmeginde bilim alýan talyplardyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň