Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

20:3601.11.2022
0
37916
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Surat: council.gov.ru

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlandy. Saparyň ilkinji gününde Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy diýip, Türkmen metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Ýokary derejedäki gepleşiklere iki döwletiň parlamentiniň wekilleri hem gatnaşdylar we duşuşyň dowamynda Aşgabatda şu ýylyň maý aýynda Merkezi Aziýa we Russiýa Federasiýasynyň arasynda Parlamentara forumyň, onuň çäginde Zenanlaryň dialogynyň geçirilendigi bellenildi.

Özara ynanyşmak esasynda geçen gepleşiklerde dünýäde parahatçylygy berkitmek, halklaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, umumadamzadyň geljegi ugrunda bilelikdäki ädimleri ätmek ýaly möhüm ugurlara ähmiýet berildi. Şeýle-de parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dostlugy berkitmäge, özara ynanyşmagy güýçlendirmäge itergi berjek güýçdügi nygtaldy.

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklarda ýaşlara uly ornuň degişlidigini, olaryň watansöýüji, ilhalar, ata-enesine, ene topragyna wepaly adamlar bolup ýetişmegini gazanmalydygyny aýtdy hem-de edep-ekramly, milli ruhda terbiýelenen, kada-kanunlara hormat goýýan ýaşlar biziň geljegimizdir diýip belledi. Gepleşiklerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan öňe sürlen Merkezi Aziýa – Russiýa Formatynyň döredilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Taryhy saparyň çäginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň