Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Moskwa bardy

19:5801.11.2022
0
35784

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Russiýanyň paýtagty Moskwa bardy. Dostlukly sapar üç günläp dowam eder diýip, «MIR 24» habar berdi.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko garşylady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwa saparynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan surat sergisine baryp görer, Federasiýa Geňeşinde çykyş eder we rus senatorlarynyň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirer diýip, çeşme habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň