Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanlylar ilat ýazuwynyň geçiriljek senesi barada TürkmenStatdan SMS habarnamalary alyp başladylar

16:3601.11.2022
0
39876
Türkmenistanlylar ilat ýazuwynyň geçiriljek senesi barada TürkmenStatdan SMS habarnamalary alyp başladylar
Surat: stat.gov.tm

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti türkmenistanlylary ýurtda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Has takygy, «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň abonentleri ilat ýazuwynyň wagty we onuň ýurdy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekdäki ähmiýeti barada SMS habarnamalaryny alyp başladylar.

SMS habarnamalarda aralygynda «Ilat ýazuwy-2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek!» şygary astynda guralýan Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şu ýylyň 17-nji 27-nji dekabry aralygynda geçiriljekdigi mälim edilýär.

SMS habarnamada, hususan-da, şeýle habar berilýär: «Agzybirlikde ilat ýazuwyna gatnaşalyň, öz geljegimizi bilelikde kesgitläliň!» — TürkmenStat.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylky ilat ýazuwynda ilkinji gezek sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanylmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, ýurtdaky demografiki we durmuş-ykdysady görkezijiler barada iň takyk maglumatlary toplamak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň