Arhiw

Türkmenistan synçy döwlet hökmünde CICA-a goşuldy

23:0013.10.2022
0
13414
Türkmenistan synçy döwlet hökmünde CICA-a goşuldy

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Astana şäherinde geçirilen CICA-nyň sammitinde eden çykyşynda CICA-nyň synçy döwletleriniň we hyzmatdaşlarynyň sanynyň artandygyny aýtdy diýip, Kazinform habar berýär.

«Synçy döwletleriň we hyzmatdaşlaryň sany artýar. CICA-a synçy döwlet hökmünde Türkmenistan goşuldy. Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi we ASEAN bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak kararyna gelindi» -diýip, gazak Lideri aýtdy.

Tokaýew şu gün CICA-nyň taslamalaryny saýlap almak we olary ösdürmek üçin meýletin pul ýygnamak boýunça ýörite mehanizmi döretmek maksady bilen CICA-nyň gaznasynyň dörediljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Belläp geçsek, sammite 11 döwlet baştutany, Kataryň emiri, Wýetnamyň wise-prezidenti, Hytaýyň wise-prezidenti şeýle hem bäş sany ministr gatnaşdy. Geňeşe synçy döwlet hökmünde gatnaşýan Belarusyň Prezidenti hem Gazagystana geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň