Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

17:4107.10.2022
1
43717
Serdar Berdimuhamedow GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
Surat: president.az

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi.

Rus Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Bellenilişi ýaly, şu gün Prezident Wladimir Putiniň 70 ýaşy dolýar. Şoňa laýyklykda, W.Putin Sankt-Peterburg şäherindäki Konstantinowskiý köşgünde GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryny kabul etdi. Resmi däl duşuşygyň dowamynda indiki hepde Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygyna taýýarlygyň barşy we onuň dowamynda serediljek meseleler boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli gutlag hatyny iberendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň