Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady

05:3707.10.2022
0
32231

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýlip, şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.


— Siziň durmuşyňyzyň şeýle ýatdan çykmajak gününde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge Siziň uly üns bermegiňiziň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleri göz öňünde tutýan we geljekki mümkinçilikleri nazarlaýan häsiýete eýedir. Biz hem halklarymyzyň bähbidine bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow rus kärdeşine ýollan gutlag hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany Prezident Wladimir Putini ýubileý ýaş toýy bilen ýene-de bir ýola gutlap, oňa berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Russiýanyň halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň