Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gaýa» ýumşak we korpus mebelleriň täze toplumlaryny hödürleýär

09:5506.10.2022
0
18597

Öýleriň we ýer jaýlaryň enjamlaşdyryş işleri üçin zerur bolan harytlary alyjylara ýetirýän «Ak gaýa» dükanyna Türkiýäniň we Italiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýumşak hem-de korpus mebelleriniň täze toplumlary gelip gowuşdy.

Öýüniň bezegini we onuň mebellerini ýokary derejede islegine laýyk guramagy isleýänler «Ak gaýa» dükanyndan ähli gerekli zadyny tapyp biler. Bu ýerde oňaýly diwanlar we kreslolar, žurnal stollary, şol sanda maýyşgak stollar, şkaflar, komodlar we başga-da köp sanly harytlar bar. Bu mebeller myhman otaglary ýa-da ofisler üçin has-da görnükli gelişýär.

Täze kolleksiýanyň mebelleri ekologik taýdan arassa materiallardan ýokary derejede taýýarlanylyp, olaryň ýerine ýetirilişinde ýokary hilli we berk furnituralar we düzüm bölekleri ulanylandyr. Olar arassalamasy örän ýeňil materiallardan bolup, uzak ýyllara hyzmat edýär. Olary islendik stildäki öý bezegleri bilen utgaşdyryp bolýar.

Ýokary hilli önümler bilen tanyşmak we öýüňize kybap geljek mebelleri saýlamak üçin «Ak gaýa» dükanlaryna ýüz tutmak bolýar:

  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, «Ak gaýa» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 65) 57 55 55, (+993 65) 41 10 10;
  • Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 40-njy jaý («Ak gaýa»), telefon belgileri: (+993 65) 57 57 57, (+993 65) 75 43 75, (+993 64) 66 44 88;
  • Aşgabat ş., «Ak Tam Bazary» terminal toplumy, 1-2-nji dükanlar, telefon belgileri: (+993 65) 54 62 32, (+993 62) 82 22 20.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň