Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gaýa» eplenýän merdiwanlaryň ynamdar we amatly görnüşlerini hödürleýär

15:1606.09.2022
0
17816

Abatlaýyş we gurluşyk harytlarynyň dükany «Ak gaýa» polatdan, alýuminiýden we dýuralýuminiýden taýýarlanan eplenýän merdiwanlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Eplenýän merdiwanlar hojalykda hem, abatlaýyş-gurluşyk işleri üçin hem peýdalanylýar. «Ak gaýada» hödürlenýän görnüşler ýokary hili, diregleriniň we berkidilýän bölümleriniň çeýeligi, ykjamlygy we berkligi, dowamly basyşa çydamlylygy we ulanyşda amatlylygy bilen tapawutlanýarlar.

Görnüşleriň arasynda adaty birtaraply merdiwanlar we has durnukly ikitaraply eplenýän merdiwanlar, şeýle hem gurluşyň aýry-aýry bölekleriniň hereket etmeginiň öňüni almak üçin ýörite berkitmek mümkinçiligi bolan merdiwanlar hem bar.

«Ak gaýa» dükanynda hödürlenýän eplenýän merdiwanlaryň görnüşleri bilen G.Kuliýew (Объездная) köçesiniň 40-njy jaýynda tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 57 57 57, (+993 64) 66 44 88. Sosial ulgamlardaky sahypasy.

Şeýle hem ýaňy-ýakynda «Ak gaýa» dükanlar zynjyrynyň täze nokadynyň – «Ak ýaýla» dükanynyň açylandygyny ýatladýarys. Bu ýerde elektrik çäýneklerden we mikrotolkunly peçlerden başlap, sowadyjylara, gaz plitalaryna we kondisionerlere çenli ownuk we iri hojalyk tehnikalarynyň iň köp görnüşleri hödürlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň