Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatdaky täze awtomenzil doly tertipde işläp başlady

12:4229.09.2022
0
38351

24-nji sentýabr güni dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenabat şäherindäki döwrebap awtomenzil eýýäm hyzmat bermäge girişdi. «Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşigi 11-lik belgili şäheriçi awtobus gatnawynyň bu menziliň üsti bilen amala aşyrylmagyny ýola goýdy. Bu barada Jeyhun.news ýazdy.

Şeýle hem häzirki wagtda şäherara we welaýata awtobus gatnawlarynyň ählisi täze awtomenzilden amala aşyrylýar.

Ýeri gelende aýtsak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň bosagasynda şeýle döwrebap awtomenziller ýurdumyzyň dört welaýatynda bir günde açylyp, ulanmaga berildi. Her desganyň umumy meýdany 30 müň inedördül metr bolup, birbada 700 ýolagça hyzmat etmäge hem-de şäher, şäherýaka, şäherara ugurlarda awtobus ýolagçylaryna ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň