Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ýaponiýadaky halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýar

18:0722.09.2022
1
28720

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisinde Türkmenistanyň hem sergi bölümi ýaýbaňlandyryldy.

Ýurduň milli bölüminde türkmen syýahatçylyk kärhanalary we kompaniýalary barada maglumat berlip, esasy syýahatçylyk önümleri we teklip edilýän syýahatçylyk ugurlary görkezilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi bolan Türkmenistan hakda gürrüň berýän köp sanly maglumat materiallary, kitapçalar we albomlar hem sergiden orun tapypdyr.

Her ýyl 130 müňden gowrak adamyň gatnaşýan ekspoforumyna 100-den gowrak döwletden syýahatçylyk kompaniýalary we pudak wekilleri gatnaşýar. Foruma gatnaşmak, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň milli syýahatçylygy ösdürmek baradaky tagallalaryna goşant goşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň