Türkiýäniň zähmet wizasyny almak üçin haýsy resminamalar gerek?

12:1121.09.2022
0
19064

Aşgabatdaky türk wiza merkezi bilen hyzmatdaşlyk saklaýan «Atawatan-Türkmenistan» halkara žurnalynyň resmi saýty Türkiýede zähmet çekmek üçin zerur bolan zähmet rugsady wizasy baradaky maglumatlary paýlaşdy. Bu wizany almak üçin aşakda görkezilen resminamalar gerek:

  1. Azyndan 8 aýlyk möhleti bolan daşary ýurt pasporty(zagran) we nusgasy (Hökmany)
  2. Pasport nusgalary (içerki pasportyň 1,3,5,9 we 32-nji sahypalarynyň nusgalary, daşary ýurt pasportynyň baş sahypasynyň nusgasy (Hökmany)
  3. Daşary ýurt raýatlary üçin Türkiýä giren senesinden başlap (ikamet belgesi) (Hökmany)
  4. 2 sany biometrik surat 5×6 (arkasy ak fon, täze we soň 6 aý içinde düşülen bolmalydyr.) (Hökmany)
  5. Türkiýe üçin syýahat we saglyk ätiýaçlandyryşy / COVID-19 Kepilligi (Hökmany)
  6. İşlemek üçin gidýän kompaniýadan zähmet şertnamasy (Hökmany)
  7. İşlemek üçin gidýän kompaniýadan çakylyk haty (Hökmany)
  8. Ýaşaýan ýerini görkezýan resminama (İkamet belgesi)
  9. Jenaýat jogapkarçiligine çekilip çekilmedigi barada resminama (Adli sicil belgesi
  10. Şertnama ýa-da iş rugsady wizasyndan boşadyljak mugallymlar, bilim işgärleri, erkin zolakly işgärler, türgenler we sungat işgärlerinden degişli ministrligiň tassyklama haty. (Hökmany)
  11. Wiza tölegi we Gateway hyzmat tölegi (Hökmany)

Goýberilen resminamalaryň hemmesi täze alnan we doly bolmalydyr. Türkiýe wizasy üçin tabşyrylan doly däl resminamalar, ýüzlenmäňiziň ret edilmegine sebäp bolup biler. Türkiýäniň Aşgabat wekiliýeti zerur bolanda goşmaça resminamalary talap etmäge haklydyr. Ýokardaky resminamalaryň tabşyrylmagy wiza beriljekdigini kepillendirmeýär. Ähli görnüşler we resminamalar her bir adam üçin (maşgala agzalaryny ýa-da islendik topary ) aýratyn taýýarlanylmaly we tabşyrylmaly. Ýüzlenme wagtynda gijikdirilen ýa-da ret edilen halatynda wiza ýa-da hyzmat tölegleri yzyna gaýtarylmaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň