Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri özbaşdak Milli sanly tory döretmegi teklip etdi

12:0919.09.2022
0
25236

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan ýurtda elektron aragatnaşyk ulgamyny artdyrmak we onuň bitewüligini emele getirmek maksady bilen, özbaşdak Milli sanly tory döretmek teklip edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň diplomatik gulluklarynyň halkara maglumat giňişligindäki çärelerini işjeňleşdirmek we milli sanly diplomatiýanyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan birnäçe teklipler hödürlenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Şunuň bilen birlikde, BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde kabul edilen Kararnamalary, beýleki halkara resminamalary ýygnamak, beýan etmek we tertipleşdirmek üçin ugurdaş sanly diplomatiýany, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň sanly muzeýini döretmek boýunça teklipler aýdyldy.

Ählumumy media giňişliginde Türkmenistan baradaky maglumatlary dessin we yzygiderli ýaýratmak maksady bilen, iri halkara sanly media kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ýakyn wagtda degişli geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär.

Daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň diplomatik we konsullyk işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, programma üpjünçiligini ýola goýmagyň çäklerinde diplomatik gulluklaryň ykjam telefonlary üçin media binýatlaryny döretmegiň mümkinçiliklerine garamak teklip edilýär. Onuň işe girizilmegi bilen, ykjam aragatnaşyk arkaly gündelik täzelikleri beýan etmek, raýatlar üçin konsullyk gulluklaryna elýeterliligi üpjün etmek we durnukly sanly ulgam alşygyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döredijilik mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegi esasy ugur edinýän Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara we sebit guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy. Şunda ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ýola goýulýan gatnaşyklaryň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutany elektron media serişdeleriniň, maglumat tehnologiýalarynyň yzygiderli ösdürilmeginiň täze aragatnaşyk gurşawynyň döredilmegini üpjün edendigini belledi. Häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleri artyp, ol döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Häzirki wagtda daşary syýasaty, umuman, halkara gatnaşyklary amala aşyrmagyň has netijeli guralyna öwrülen şertlerinde sanly diplomatiýanyň eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Işiň bu görnüşiniň netijeli peýdalanylmagy dünýä giňişligindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak, gatnaşyklaryň täze guralyny döretmek boýunça giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň diplomatik gullugynyň işinde sanly ulgamyň ösdürilmeginiň halkara bileleşigi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, onuň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine kybap gelýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bilen tanyşdyrmaga zerur şertleri üpjün etjekdigini aýtdy hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň fewralynda Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň düzüminde «Sanly diplomatiýa» atly bölüm döredildi. Bu bölümiň esasy wezipeleri sanly maglumat tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp, Türkmenistanyň daşary syýasatyny we halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekden ybaratdyr.

DIM-niň saýtynda «Halkara habarlary» atly internet gazeti onlaýn görnüşde yzygiderli berilýär, şeýle-de onda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan sanly sergi ýerleşdirildi. Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipeleriň wajypdygyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda DIM-de maglumat ulgamlaryna gözegçilik bölümi döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň