Golowkin ýene Alwarezden ýeňildi

15:5618.09.2022
0
23433

Aşgabat wagty bilen şu gün irden ABŞ-nyň Las-Wegas ştatyndaky «T-Mobile» arenasynda boksa agşamy geçirildi. Boksa agşamynyň merkezi tutluşygynda super orta agram derejesinde absolýut dünýä çempiony meksikaly Saul Alwarez gazagystanly Gennadiý Golowkine garşy ringe çykdy. Tutuluşygyň deslapky üç raundy ortaça dartgynlylykda geçip, sähelçe üstünlik Alwareziň tarapynda boldy. Meksikaly boksçy dördünji raundda urgularyny has-da ýygjamlatdy hem-de bassyr üç raundyň dowamynda garşydaşyndan rüstem hereket etdi. Tutluşygyň sekizinji raundyndan soňra Golowkin hem birneme özüni dürsäp, işjeňligini artdyrdy sekizinji, dokuzynjy raundlarda üstünlige eýe boldy. Söweşiň soňky üç raundy ýene-de orta dartgynlylykda geçdi. Şeýlelikde, gapma-garşylygyň ýeňijisini kesgitlemek eminleriň paýyna düşdi we olar biragyzdan Saul Alwareziň ýeňşini ykrar etdiler. Şunlukda meksikaly boksçy özüne degişli WBC, WBO, WBA ва IBF çempionlyk guşaklaryny mynasyp goramagy başardy.

Maglumat üçin, bu söweş Alwarez bilen Golowkiniň arasyndaky üçünji tutluşyk bolup, olaryň ilkinjisinde 2021-nji ýylda deňlik hasaba alnypdy. Ikinji söweş bolsa 2018-nji ýylyň sentýabr açynda geçirilip, onda Saul Alwarez ýeňiş gazanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň