Türkmenistanyň Hökümeti we Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy birnäçe medeni çäreleri geçirer

16:4616.09.2022
0
29667

10-njy oktýabrdan başlap Aşgabatda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe medeni çäreleriň geçirilmegine garaşylýar.

Ilçihananyň sosial ulgamlarynda beren habaryna görä, bu meselede Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Ýamamoto Hiroýuki we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa meýilleşdirilen medeni çäreleri geçirmek bilen bagly meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýyl Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýylyň dowamynda eýýäm birnäçe ýubileý çäreleri geçirdi. Meselem: «Goçiso-san» köp bölümli ýapon filmi türkmen telewideniýesinde görkezildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Ýaponiýanyň Hökümetiň arasynda bu ýokary okuw mekdebinde ýapon dilini öwretmek üçin enjamlary ornaşdyrmak boýunça taslama bilen bagly şertnama gol çekildi. Şeýle hem «Men suşini halaýaryn» atly sergi geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň