Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-de ýapon dilini öwrenmek işi kämilleşdiriler

20:4703.02.2022
0
19078

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Ýaponiýanyň Hökümetiň arasynda bu ýokary okuw mekdebinde ýapon dilini öwretmek üçin enjamlary ornaşdyrmak boýunça taslama bilen bagly şertnama gol çekildi. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taslama Ýaponiýanyň Hökümetiniň «Ösümlik kökleri ― medeniýet pudagynda goldaw» maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçiriler. Şertnama Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-den rektor Maral Kulyýewa, Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan ilçi Ýamamoto Hiroýuki gol çekdi.

Täze taslamada institutyň üç otagyny dil laboratoriýasyna, bir wagtyň özünde terjime otagyna we ýapon mugallymlary üçin otaga öwürmegi göz öňünde tutýar.

Dil barlaghanasy ses-wizual materiallar bilen bir wagtda terjime otagy häzirki zaman kompýuterleri, proýektor, printerler we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün ediler. Taslama 2022-nji ýylyň güýzünde tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň