Soňky habarlar

Arhiw

«Çelsi» baş tälimçisini işden boşatdy

17:3907.09.2022
0
8409
«Çelsi» baş tälimçisini işden boşatdy

London şäheriniň «Çelsi» futbol topary baş tälimçi Tomas Tuheliň wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.

Munuň sebäbi hökmünde toparyň soňky duşuşyklarda gazanýan pes netijeleri görkezýär. Üstesine-de, kluby Roman Abramowiçden satyn alan täze eýeleri başga tälimçi bilen işleşmek isleýärler.

«Çelsiniň» UEFA-nyň Çempionlar ligasynda düýn gije geçirilen duşuşykda Zagerbiň «Dinamosyndan» 0:1 hasabynda ýeňlendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň