Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

15:3031.08.2022
0
22511

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

30-njy awgustda Belarus Lideriniň 68 ýaşandygyny habar beripdik. Aleksandr Lukaşenko doglan gününde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

— Şu günler daşary ýurt Liderleri Aleksandr Lukaşenkonyň adynda doglan güni mynasybetli gutlaglary we telegrammalary ýollaýarlar. Olaryň, hususan-da Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin, Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah al-Sisi, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, Gyrgyzystanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bar – diýip, BELTA habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň