Soňky habarlar

Arhiw

«Iner Store» internet dükany hojalyk tehnikalaryny amatly bahalardan hödürleýär

09:2323.08.2022
0
19948

«Iner Store» onlaýn söwda hyzmaty türkmenistanlylara öý hem-de howly üçin niýetlenen harytlaryň, şeýle-de hojalyk üçin zerur bolan tehnikalaryň köp sanly görnüşlerini hödürleýär.

«Iner Store» dükanynyň harytlarynyň hatarynda ütükler, elektrik çäýnekler, blenderler, miweli şireleri taýýarlaýjy enjamlar, wafli peçleri, mikserler, dellek enjamlary we beýleki gündelik durmuşy ýeňilleşdirýän harytlar bar.

Internet dükanyna girýänleri aýratyn-da bu ýerde ýerleşdirilen «Hojalyk tehnikalary» bölümçesindäki gözellige ideg etmek harytlary, şol sanda fenler, saçlary düzleýji enjamlar, ýüzüň tenine ideg etmek üçin enjamlar, frezerler we beýleki ululy-kiçili tehnikalar has-da gyzyklandyryp biler.

Dükandan satyn alnan harydyň kadaly işleýändigini ony satyn almazdan öň barlap gözden geçirip bolýar. Eger harydyň işleýşinde ýa-da gurluşynda kemçilik ýüze çykan halatynda «Iner Store-iň» hünärmenleri ony çalşyp berýärler.

Belläp geçsek, «Iner Store» internet dükany harytlary Türkmenistanyň ähli ýerlerine sargyt esasynda eltip berýär. Aşgabat şäheriniň çäginde bolsa dükandan 1000 manat möçberinden ýokary söwda eden müşderiler dükanyň mugt eltip berme hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

«Iner Store» ykjam goşundysyny AppStore we Google Play internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 5/7 jaý;
  • Telefon belgisi: (+993 65) 62 46 48;
  • Elektron poçta salgysy: inerstore@gmail.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň