AŞTU onlaýn hyzmatlary tölemek üçin «Rysgal» bankynyň bank kartlaryny kabul edip başlady, Russiýa Federsiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy üstaşyr wizalary resmileşdirmegi maslahat berýär, Gazagystan Türkmenistanyň serhedine çenli ýola takmynan $160 mln

11:3420.08.2022
0
29903

1. AŞTU-nyň saýtynda we mobil goşundylarynda hyzmatlar üçin «Rysgal» PTB-niň bank kartlary arkaly onlaýn-töleg kabul edilip başlandy. Onlaýn-tölegi agts.tv saýtyna girip, «Şahsy otagda» ýa-da Google Play we App Store dükanlaryndan mobil goşundyny ýükläp, amala aşyryp bilersiňiz.

2. Russiýa Federsiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýadan üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlaryna maslahatlary berdi. Konsullyk bölümi serhetden geçilende näsazlyklaryň döremezligi üçin üstaşyr wizalary resmileşdirmegi maslahat berýär.

3. Gazagystan Žetybaý – Žanaozen – Fetisowo – Türkenistanyň serhedi ýolunyň durkuny täzelemek işlerine girişmegi meýilleşdirýär. Ýoluň uzynlygy 156 km, onuň abatlaýyş işleri üçin bolsa takmynan 78 mlrd teňňe ($160 mln dollar) sarp ediler.

4. 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan Tokioda (Ýaponiýa) we Maýamide (ABŞ) geçiriljek halkara syýahatçylyk sergilerine gatnaşar.

5. 19-njy sentýabrda Aşgabatdaky «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Altyn» restoranynda «Bärde Biz» işewürlik neşiriniň 3-nji sanynyň tanyşdyryşy geçiriler.

6. Kilimanjaro dagynyň eňňidinde deňiz derejesinden 3720 metr belentlikde ýerleşýän Horombo külbesine internet çekildi. Bu Afirkanyň iň beýik dagynda internet torynyň ýola goýulmagynyň başlangyjydyr.

7. Nýu-Ýorkuň ýalbaşçylary şäheriň merkezine girmek üçin töleg ulgamyny girizmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar. Täze ýygym «köçe dykyny üçin salgyt» diýlip atlandyrylar, onuň möçberi köçede ulaglaryň iň dartgynly we köp wagty ulagly geçmek üçin $23 dollara, gijelerine bolsa $5 dollara deňdir.

8. Katarda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna 100 günden hem az wagt galanda jemi 2,45 million petek satyldy. Petekleri satyn almak boýunça ABŞ, Angliýa, Saud Arabystany, Meksika, BAE, Fransiýa, Argentina, Braziliýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň ýaşaýjylary öňdeligi eýeleýärler.

9. Türkiýede V Yslam raýdaşlygy oýunlary tamamlandy. Bu ýylda Yslamiada 4 müňden gowrak türgen gatnaşdy. Türkmen türgenleri jemi 23 medal gazandylar, olardan 4 altyn, 6 kümüş we 13 sany bürünç medallar. Medallaryň sany boýunça Türkmenistan 12-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň