Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbüni tutdy

14:1508.08.2022
0
4858
Serdar Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbüni tutdy

Şu gün Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutany täze awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354, ini 21 metre deň bolan, ikitaraplaýyn gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutuldy. Ol umumy uzynlygy 2 müň metre ýetýän eltiji ýollaryň gurluşygyny hem öz içine alar. Taslamany bu ugurda köpýyllyk tejribesi bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, dabarada «Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkonyň çykyşyndan soň bolsa täze awtomobil köprüsi bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.

Soňra Serdar Berdimuhamedow şu günki şanly waka mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyryp, ony ýörite guta ýerleşdirdi. Döwlet Baştutany gutyny täze gurluşygyň binýadyna atyp, awtomobil köprüsiniň ilkinji betonyny guýdy.

Ýeri gelende bellesek, bu täze köpri Türkmenistanyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ugur boýunça çykmaga amatly şertleri döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň