Agyr atletikaçy Rüstemowa ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Aziýanyň wise-çempiony boldy

20:5224.07.2022
0
9708

Türkmenistanly agyr atletikaçy Anamjan Rüstemowa Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda alty medala mynasyp boldy.

Agyr atletikaçy 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky ýaryşda 81 kilograma çenli agram derejesinde üç sany kümüş medala mynasyp boldy. Has takygy, ol agyrlygy silterläp götermekde 88, iteklemekde 113, iki görnüşiň jeminde bolsa 201 kilogram agyrlygy eýgerdi. Anamjanyň görkezen netijesi 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda silterlemekde bürünç, iteklemekde we iki görnüşiň jeminde kümüş medala mynasyp boldy.

Aziýanyň çempionatynyň Daşkent şäherindäki «Ýunusabat» sport toplumynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Iki ýaş derejesindäki yklym birinjiligine 21 döwletden 261 agyr atletikaçy gatnaşýar.

Mundan öň Türkmenistanyň türgenleriniň ýaryşda 14 medal gazanandygyny ýatladýarys. Yklym çempionaty 25-nji iýulda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň