CAFA-2022: üçünji tapgyryň oýunlary geçirildi

12:1615.07.2022
0
7192

Penşenbe güni Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionatynyň üçünji tapgyry geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Nobatdaky tapgyrda bäsleşigiň çempionlygy üçin esasy dalaşgärler bolan Özbegistanyň we Eýranyň ýygyndylary uly hasapda ýeňiş gazandylar. Özbegistan Türkmenistanyň ýygyndysyny 6-0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden bolsa, Eýran Täjigistandan 5-0 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, Özbegistan we Eýran iki oýundan soňra 6 utuk bilen turnir tablisasynda bilelikde liderlik edýärler. Bu iki toparyň özara oýny 20-nji iýulda geçirilip, şol oýun çempionlygyň ykbalyny çözer. Üç tapgyrdan soň 2 utuk toplan Türkmenistanyň ýygyndysy häzirki wagtda ýaryş jedwelinde üçünji orny eýeleýär. Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň hasabynda bolsa 1 utuk bar.

CAFA-2022-niň dördünji tapgyrynyň oýunlary 17-nji iýulda oýnalar. Indiki tapgyrda Eýranyň ýygyndysy Türkmenistan bilen (sagat 19:00-da) güýç synanyşsa, Gyrgyzystanyň ýygyndysy Özbegistan bilen (sagat 22:00-da) ýüzbe-ýüz bolar.

Maglumat üçin, Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionaty aýlaw görnüşinde geçirilýär we ahyrky netijä görä iň köp utuk toplan topar ýeňiji hökmünde ykrar ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň