«Zenit» Russiýanyň Superkubogyna mynasyp boldy

20:1510.07.2022
0
3522
«Zenit» Russiýanyň Superkubogyna mynasyp boldy
Surat: sports.ru

Russiýanyň Superkubogy üçin geçirilen duşuşykda Sankt-Peterburgyň «Zeniti» Moskwanyň «Spartak» klubyny 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Zenite» ýeňiş getiren gollary Sergeýew (29), Malkom (34), Wendel (46) we Kassýerra (90+3) derwezä ýollady. Şeýlelikde peterburglylar bassyr üçünji gezek (2020, 2021, 2022) Russiýanyň Superkubogyna mynasyp bolup, bu ugurdaky rekordy täzelediler. Mundan başga-da, «Zenit» öz taryhynda ýedinji gezek (2008, 2011, 2015, 2016, 2020, 2021, 2022) bu baýraga eýe çykdy hem-de bu babatda iň öňdäki topar bolan «SSKA» bilen deňleşdi.

Maglumat üçin, «Zenit» Russiýanyň premýer-ligasynda hem dört möwsümden bäri çempionlygy hiç kime bermän gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň