Soňky habarlar

Arhiw

Poçettino «PSŽ»-niň baş tälimçiliginden boşadyldy

17:2005.07.2022
0
5358

Parižiň «PSŽ» topary uzak garaşylan üýtgeşmä el urdy. Topar edil ýaňy özüniň resmi metbugat gullugy arkaly baş tälimçi Maurisio Poçettino bilen şertnamanyň bes edilendigini mälim etdi.

Dürli çeşmeleriň ýaýradýan maglumatlaryna görä, argentinaly hünärmeniň ýerine häzire çenli «Nissa» toparyny türgenleşdiren Kristof Galte getiriler. Habarlarda parižlileriň Galteniň öňki toparyna belli bir mukdarda öwez tölegini tölemeli boljakdygy ýaňzydylýar.

Maglumat üçin, «PSŽ» bilen ýollaryny aýran Maurisio Poçettino 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri topara tälim berip gelýärdi. Argentinaly hünärmene we onuň kömekçilerine şertnamanyň wagtyndan öň bes edilendigi üçin 10 million ýewro töweregi goşmaça hak tölener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň