Turkmenportal logo
02.07.22
17781778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bakuda Hazaryň ekologiýasyna bagyşlanan halkara forum geçiriler

5-nji iýulda Azerbaýjanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň guramagynda Baku şäherinde Hazar deňziniň ekologiýa meseleleri boýunça halkara forum geçiriler.


«Day.Az»-yň habar bermegine görä, halkara konferensiýa Hazarýaka ýurtlaryň hünärmenleri, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar.


Halkara derejesinde geçirilýän konferensiýada Hazar deňziniň ekologiýa meseleleri, şeýle-de kenarýaka ýurtlar bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeler boýunça maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriň arasynda deňziň ekologik ýagdaýy boýunça meýilnamalar taýýarlanylar hem-de bilelikdäki işleriň täze ugurlary kesgitlener.