Budapeştde ABŞ-nyň ýygyndy topary sportuň suwdaky görnüşleri boýunça birinji ýeri eýeledi

00:5902.07.2022
0
425
Budapeştde ABŞ-nyň ýygyndy topary sportuň suwdaky görnüşleri boýunça birinji ýeri eýeledi

ABŞ-nyň ýygyndy topary Budapeştde dowam edýän Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça 2022-nji ýylky dünýä çempionatynda wagtyndan öň medallaryň umumy hasabynda birinji ýeri eýelemegi başardy. 3-nji iýul güni tamamlanjak dünýä birinjiliginde amerikaly türgenler häzire çenli jemi 48 medala mynasyp boldular. Bu bolsa ikinji ýerdäki Hytaýyň ýygyndy toparynyň öňdäki bäsleşiklerde iň köp medal gazanan ýagdaýynda hem birinji orna geçip bilmejekdigini aňladýar. Edil şu wagtky ýagdaýa görä, medallaryň umumy hasaby boýunça sanawyň ilkinji onlugy aşakdaky görnüşe eýe:

1. ABŞ - 17-14-17 (48)

2. Hytaý - 15-2-6 (23)

3. Italiýa - 9-6-6 (21)

4. Awstraliýa - 6-9-3 (18)

5. Kanada - 3-4-6 (13)

6. Fransiýa - 2-7-2 (11)

7. Ýaponiýa - 2-6-3 (11)

8. Ukraina - 2-6-2 (10)

9. Germaniýa - 2-5-3 (10)

10. Şwesiýa - 2-2-0 (4)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň