Türkmenistanda ýolagçy otlularynyň gatnaw tertibi täzelendi

13:1501.07.2022
0
63859

«Türkmendemirýollary» agentligi demir ýol gatnawlarynyň tertibini täzeledi. Oňa laýyklykda, 1-nji iýuldan başlap, aşakdaky ugurlar boýunça ýolagçy otlularynyň gündelik gatnawlary ýola goýuldy:

  • Aşgabat — Türkmenbaşy;
  • Aşgabat — Daşoguz;
  • Aşgabat — Türkmenabat;
  • Aşgabat — Mary;
  • Aşgabat — Amyderýa.

Aşgabat şäherine gelmek üçin welaýatlaryň ýaşaýjylary, şeýle hem Türkmenbaşy şäherine ugraýan ähli raýatlar ýola çykmazdan 72 sagat öň COVID-19 ýokanjy boýunça alynýan PCR synagyndan geçmeli we onuň netijesini ýanlaryna almaly.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp görmek üçin resminamalaryň sanawy bolsa öňküligine galýar.

Ýolagçylar ýol peteklerini 5 gün öňünden onlaýn görnüşde, şeýle-de 1 gün öňünden ýa-da otlularyň gidýän güni degişli kassalardan satyn alyp bilerler.

Gatnawlar bilen bagly giňişleýin maglumaty Agentligiň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Mundan ozal, Türkmenistanyň çäginde otly gatnawlarynyň bölekleýin gaýtadan dikeldilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň