Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda yzygiderli welaýatara demir ýol gatnawlary bölekleýin dikeldilýär

16:0019.05.2022
1
65833

«Demirýollary» AGPJ-nyň berýän maglumatlaryna görä, 20-nji maýdan Türkmenistanda Aşgabat-Türkmenbaşy (19:30 – 6:30) we Türkmenbaşy – Aşgabat (19:00 – 6:40) ugurlary boýunça ýolagçy demir ýol gatnawlary dikeldiler.

Bu ugurlar boýunça otlular her gün hereket eder.

Şeýle hem hepdede iki gezek — çarşenbe we ýekşenbe günleri (18:30– 5:50) Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça, penşenbe we duşenbe günleri boýunça Daşoguz-Aşgabat (20:10–7:00) ugry boýunça ýolagçy otly gatnawy hereket eder.

Türkmenabatdan Türkmenbaşa ýolagçy demir ýol gatnawy her hepdäniň penşenbe we ýekşenbe günleri (11:20– 10:20), yzyna bolsa anna we duşenbe günleri (15:10–14:20) amala aşyrylar.

Otly gatnawy üçin petekleri Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministrliginiň saýtyndan onlaýn görnüşde satyn alyp bolýar. Şol saýtda gatnaw bahasy hem görkezilendir. Ýatylýan wagonda syýahatyň bahasy 100,30 manat, plaskart wagonda – 24,50 TMT, kupe-wagonda – 45,10 manat.

Belläp geçsek, ýolagçy gatnawlarynyň ählisi arassaçylyk-öňüni alyş çäreleriniň berk berjaý edilmek şerti bilen amala aşyrylar.

Petekleri satyn almazdan öň, ýolagçylar hökmany suratda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda elektron rugsatnamany resmileşdirmeli.

Gerekli resminamalaryň hatarynda şeýle hem COVID-19-a garşy üç sany sanjymyň (iki sany esasy + bir sany buster sanjymy) alnandygy barada güwänama hem-de sapara gidilmezden öň 72 sagatdan giç bolmadyk möhletli COVID-19-yň otrisatel barlag netijesi bar.

Bellik: Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministrliginiň saýtynda şeýle hem Serhetabat – Mary we Türkmenabat-Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlaryň tertibi neşir edildi.

Ministrlikde habar bermeklerine görä, bu ugurlar Türkmenistanda 1-ni aprelden badalga alan harby gulluga ýazky çagyryş möwsüminiň çäklerinde hereket eder.

Goşmaça maglumat üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly, 7.

Telefon belgileri:+993 12 38-32-75; 086.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň