Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada täze Tesla Model S Plaid-den hem gymmat bolan it öýjagazyny taýýarladylar

15:4622.06.2022
0
4327

Bunkaizai Kozo Keikaku ýapon kompaniýasy Inudono atly eksklýuziw it öýjagazyny taýýarlady. Öý haýwany üçin kaşaň jaýjagaz däp bolan ýapon äheňinde taýýarlanyldy. Belläp geçsek, Inudono jaýjagazy 150 müň dollara deň bolup, ol Tesla Model S Plaid-den gymmat.

elitethings.com neşiriniň ýazmagyna görä, Inudono ady iki sany ýapon sözünden ybarat — «inu», it, hem-de «dono» — «feodal» manysyny aňladýar. Bir jaýjagazy taýýarlamak üçin 12 aýa çenli wagt gidýär. Itler üçin kaşaň jaýjagaz Ýaponiýanyň ybadathanalarynda ulanylýan materiallardan ýasalandyr.

Jaýjagazyň binýady granitden, üçegi bolsa mis plastinadan edilen. Galan gurluş kiparisden we ýapon dzelkwasyndan edilendir. Inudono kaşaň jaýjagazy 119,1 sm uzynlyga we 122,5 sm ine hem-de 41 sm beýiklige eýe bolup, diňe sargyt boýunça taýýarlanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň