Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar logistik» HK daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny giňeldýär we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrýar

12:1722.06.2022
0
5711

Türkmenistanda ulag logistika pudagynda netijeli iş alyp barýan kärhanalaryň biri bolan «Hazar logistik» kärhanasy amala aşyran ulag ýük daşama işleriniň 2022-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça netijelerini mälim etdi.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň başyndan mart aýynyň ahyryna çenli döwürde «Hazar logistik» tehnikalar parkynyň üstüni ýetirdi we ulaglarynyň sanyny artdyrdy. Has takygy, bu döwürde howply suwuklyklary daşamak üçin awtosisternler, tirkegler, traktorlar we beýleki ýük daşaýjy tehnikalar satyn alyndy.

Kärhana ýükleri daşamak, aýratyn-da demir ýol ulaglary arkaly ýük gatnawlaryny üpjün etmek babatda GDA ýurtlarynyň çäginde hyzmatdaşlarynyň sanyny yzygiderli artdyrýar. Bu babatda kärhananyň hyzmatdaşlarynyň sanawy Azerbaýjan we Gruziýa ýaly ýurtlar bilen artdy.

«Hazar logistik» kärhanasy ISO 9001:2015 halkara standartynyň hil dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak üçin taýýarlyk işlerini dowam etdirýär. Onuň netijesinde bolsa kärhana degişli şahadatnama gowşurylar we ol hem halkara ýük daşamalarynyň bazarynda has kuwwatly orny eýelemäge we Türkmenistanyň çäginden daşarda hyzmatdaşlarynyň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

«Hazar logistigiň» ýakyn geljek üçin maksatlarynyň hatarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meýiller bolup, onda daşary ýurtlarda kärhananyň şahamçalaryny açmak göz öňüne tutulýar. Mundan başga-da, iberilýän ýüklere gözegçilik etmek we olary yzarlamak üçin bitewi logistika programma üpjünçiligini döretmek hem-de durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň