Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda Audi-niň batareýalary oturdylan elektrik rikşa döredildi

11:2020.06.2022
0
4171

Nunam startapynyň Audi konserni bilen bilelikde döreden üç tekerli elektrik rikşasy hödürlenildi. Arzan görnüşli ekologiýa taýdan arassa awtoulagda e-tron elektrik ulaglarynyň AKB-sy ulanyldy. car.ru saýtynyň habar bermegine görä, elektrik rikşany döredijiler birbada iki sany global meseläniň çözgüdini tapdylar. Ýagny AKB-synyň möwriti öten elektromobilleriň ýok edilmek meselesi we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak meselesi çözüldi.

Rikşalarda Audi e-tron krossowerleriň ulanyş möhletini dolduran akkumulýatorlary ulanylýar. Şu mynasybetli rikşalar ekologiýa taýdan arassa boldy. Işläp düzüjiler üç tekerli ulagyň häsiýetnamalaryny gizlinlikde saklaýarlar.

Häzirki wagta çenli elektrik rikşanyň üç nusgasy ýygnaldy. Olar söwda däl guramalara şeýle hem dürli harytlary bazara amatly ýagdaýda çykarmak üçin zenanlara berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň